Türkmenistanyň Prezidenti «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi (Sanawy)

  • 25.09.2024 11:16
  • 19k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Degişli resminama metbugatda çap edildi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlaryny ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli kabul edildi.
Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy:

  • Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Meretguly Öwlýägulyýew,
  • Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Pirmuhammet Ymammuhammedowiç Hajylyýew,
  • Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşir Çaryýarow,
  • Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammet Atamyradow,
  • Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Atabaý Annaýew,
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Annadurdy Taganow,
  • Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Goçmyrat Orazgeldiýew,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň «Goturdepe» gaz gysyjy stansiýasynyň maşinisti Orazdurdy Ataýewiç Hallyýew,
  • Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Şyhy Şükürow,
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanmyrat Kitjanow,
  • Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Durdy Otuzowiç Durdyýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akgala geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Satgan Gurbanow,
  • Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Abadanlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Bazarbaý Togsanow,
  • Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Kalandar Hojiýewiç Ýuldaşew,
  • Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginden hususy atşynas Jumageldi Muhammedowiç Hoşwagtow,
  • Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner Batyrbaý Babajanow,
  • Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Adalat geňeşliginiň Arykperreň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Berdimyradowiç Amanmyradow,
  • Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkýusup geňeşliginiň Parahatlyk obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Berdi Kulyýewiç Şirow,
  • Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumamyrat Sahatowiç Muhammedow.

düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....