Wenera uçmak we orbital stansiýa gurmak: Hindistan geljekki meýilnamalary bilen paýlaşdy

  • 24.09.2024 14:05
  • 3.7k+

Hindistanyň hökümeti birnäçe uly kosmos taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalaryny tassyklady. Bu meýilnamalar Aý topragyny Ýere getirmegi, Wenera missiýa uçurmagy we ilkinji milli orbital stansiýany gurmagy öz içine alýar diýip, “Laýfhaker” habar berýär.

“Çandraýan-4” missiýasynyň çäklerinde Aýdan toprak nusgalaryny getirmek üçin iki sany LVM 3 raketasyny ulanmak meýilleşdirilýär. Taslamanyň bahasy 21 mlrd rupiýa (takmynan, 251 mln dollar) bolar. Bu ädim hindistanly astronawtlaryň 2040-njy ýyla meýilleşdirilen Aýa gonuşyndan öň taýýarlyk tapgyry bolar. Ýatlap geçsek, “Çandraýan-3” missiýasy 2023-nji ýyla Aýa üstünlikli gonuşy amala aşyryp, Hindistany şeýle üstünlige ýeten dördünji ýurda öwürdi.
2028-nji ýylyň mart aýyna meýilleşdirilen Venus Orbiter Mission (VOM) missiýasy Weneranyň atmosferasyny we geologiýasyny öwrenmäge gönükdirilendir. Ony durmuşa geçirmek üçin 12,36 mlrd rupiýa (takmynan, 147 mln dollar) bölünip berildi.
Esasy taslamalaryň ýene biri Bharatiya Antariksh (BAS-1) orbital stansiýasyny döretmekdir. Stansiýanyň birinji modulyny 2028-nji ýylyň dekabr aýynda uçurmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, geljekki meýilnamalaryň arasynda köp gezeklik NGLV raketasyny işläp taýýarlamak we sekiz ýylyň dowamynda üç synag uçuşyny geçirmek bar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....