Türkmenistan Pakistan bilen söwdany ösdürmegiň ýollaryny maslahatlaşýar

  • 24.09.2024 13:46
  • 2.5k+

Aşgabat we Yslamabat ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek boýunça tagallalaryny işjeňleşdirýär. Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň söwda federal ministri Jam Kamal Han bilen Pakistanyň paýtagtynda geçiren duşuşygynda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdy diýip, ORIENT Pakistan media monitor neşirine salgylanyp habar berýär.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň hereketini ýeňilleşdirjek üstaşyr söwda hakynda ylalaşygy tamamlamaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem bar bolan ylalaşyklary, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Pakistanyň Söwdany ösdürmek boýunça müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda 2015-nji ýyldaky Ähtnamany täzelemek göz öňünde tutulýar.
Gepleşikleriň barşynda göni işewür gatnaşyklary berkitmek, ýük gatnaşyklaryny gowulandyrmak, söwda ýollaryny kämilleşdirmek we amallary ýönekeýleşdirmek üçin bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Taraplar energetika, farmasewtika, oba hojalygy, dökünler we gurluşyk materiallary ulgamlarynda ulanylman galan köp sanly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.


şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......