Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýokary derejeli hepdeligi başlanýar

  • 24.09.2024 13:29
  • 3.6k+

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy açylýar. Şu ýyl ol 130-dan gowrak döwlet Baştutanyny we 100-den gowrak daşary işler ministrini bir ýere ýygnar diýip, TASS habar berýär.

Bäş günüň dowamynda 193 ýurduň wekilleri dawa-jenjelleriň öňüni almak, howanyň üýtgemegi we sosial-ykdysady ösüş ýaly dünýäniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Ilkinji bolup BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we sessiýanyň başlygy Filemon Ýang çykyş eder. Adat bolşy ýaly, maslahaty çykyş bilen Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa açar, soňra çykyşy ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden dowam etdirer.
BMG habasat berijilere çykyşlaryny 15 minut bilen çäklendirmegi maslahat berýär, munuň üçin münberde yşyk indikatorlary oturdyldy. Baş Assambleýanyň çäklerinde köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Ýerli wagt bilen 09:00-dan (Aşgabat wagty bilen 18:00) agşama çenli dowam etjek Baş Assambleýanyň mejlisi köp çäreler bilen utgaşar. BMG-niň Sekretariatynyň maglumatlaryna görä, hepdäniň dowamynda bütindünýä guramasynyň ştab-kwartirasynda ýüzlerçe mejlis we ikitaraplaýyn duşuşyk geçer.
Ýatlap geçsek, öň Türkmenistan sessiýanyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlandy. Çäräniň dowamynda türkmen tarapy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.
Esasy teklipleriň arasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň ählumumy araçylarynyň taýýarlyk maksatnamasyny döretmek we Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçiş üçin ählumumy çarçuwaly maksatnamany öňe sürmek bar.
Türkmenistan bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny, şeýle-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda işleri dowam etdirmäge meýillidigini belleýär. Ýurt howa, ulag, energetika howpsuzlygy we ynsanperwerlik meselelerine aýratyn üns bermegi meýilleşdirýär.
Şeýle-de, Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi we BMG-niň Aral deňziniň howdany boýunça ýörite maksatnamasyny döretmek ugrunda işlemegi dowam etdirmegi teklip eder.


17.05.2026 15:44
8.9k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.8k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....