Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlandy

  • 08.06.2024 00:04
  • 5.8k+

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlandy. BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habary wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen gutlady.
Döwlet Baştutany bu habary kanagatlanma bilen kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň ykrarnamasydyr.


şu gün 14:41
4

Türkmenistanyň Maşatdaky Baş konsuly Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Maşat şährindäki (Eýran Yslam Respublikasy) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

şu gün 14:15
194

Azerbaýjan Baku şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny gurnamaga taýýarlygyny habar berdi

14-18-nji noýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Azerbaýjanda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine...

şu gün 14:10
146

Türkmenistan we Özbegistan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Daşkentde Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparowyň hem-de "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzaahmedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýangyç-energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi ara alyp maslahatlaşdylar diýip, UzDaily habar berýär...

şu gün 10:00
410

Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany ýakymly...