Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

  • 24.09.2024 09:58
  • 4.5k+

23-nji sentýabrda ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular diýip, TDH habar berýär.

Beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp edebi mirasy ýadygärlik galdyrdy. Döwlet Baştutanynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik filosofyň eserleri onlarça dile terjime edilip, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň gymmatlygyna öwrüldi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmeniň beýik şahyrynyň hormatyna dürli mazmunly dabaralardyr çäreler geçirilýär. Geçen anna günündäki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz oktýabr aýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......