Türkmen we galmyk halklarynyň hyzmatdaşlygynyň taryhy esaslary maslahatlaşyldy

  • 23.09.2024 19:46
  • 5.9k+

20-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Galmyk Respublikasynyň Elista şäherinde «Asyrlar boýy halklar bilelikde» atly sebitleýin forumyň çäginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Bakylygyň nyşanlary: türkmen we galmyk halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlyk köprüsi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Çäre türkmen we galmyk halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy esaslaryny kesgitlemek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, diňe bir ynsanperwerlik däl, eýsem, Türkmenistan bilen Galmyk Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek mümkinçiliklerine baha bermäge bagyşlandy.
Maslahata Galmyk Respublikasynyň Halk Huralynyň (Parlament) Başlygy A.Mihaýlow, Galmyk Respublikasynyň Ýolbaşçysynyň geňeşçisi W.Salykow, Galmyk Respublikasynyň Halk Huralynyň deputaty we şol bir wagtyň özünde B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň rektory B.Salaýew, Galmyk Respublikasynyň Halk Huralynyň XVII çagyryşynyň deputaty B.Haçirow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsuly G.Ilamanow, şeýle hem alymlar, syýasatşynaslar, ekologlar, uniwersitetleriň, Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň seljeriş merkezleriniň wekilleri, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Öz çykyşynda G.Ilamanow Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmekde, dünýä edebiýatynyň hazynasyny baýlaşdyrmakda we türkmen halkynyň gymmatlyklaryna düşünmekde ägirt uly goşant goşandygyny nygtady.
Şeýle hem maslahatyň çäginde türkmen halkynyň amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň we şaý-sepleriniň sergisi guraldy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....