Türkmenistanyň ilçisi Pekinde 11-nji Parahatçylyk festiwalynda çykyş etdi

  • 23.09.2024 19:18
  • 3.4k+

20-nji sentýabrda Hytaýda Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň gatnaşmagynda 11-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi. Pekin şäheriniň Parahatçylyk seýilgähinde «Köpdürlülik we dialog: ählumumy parahatçylyga we ösüşe barýan ýol» ady bilen geçirilen çäre BMG-niň Baş Assambleýasynyň 55/282 belgili Kararnamasyna laýyklykda 2002-nji ýylyň 21-nji sentýabryndan bäri her ýyl bellenilýän Halkara parahatçylyk gününe bagyşlandy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Festiwal Hytaýyň Halkara parahatçylyk gaznasy, Pekin Halkara parahatçylyk medeniýeti gaznasy we Pekiniň Parahatçylyk seýilgäh muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we ÝUNESKO-nyň wekilhanasynyň goldawy bilen guraldy.
Çärä HHR-iň hökümet wekilleri Pekinde ygtyýarlandyrylan birnäçe diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, şol sanda Arap döwletler Ligasynyň, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Federasiýasy, ŞHG-niň, ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi P.Durdyýew öz çykyşynda ähli gatnaşyjylary Halkara Parahatçylyk güni bilen gutlap, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýaly möhüm ugurlaryny belläp geçdi. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özenindäki filosofiýanyň Türkmenistanyň ýurtlaryň we halklaryň arasynda ynanyşmagy we dialog medeniýetini güýçlendirmek ugrundaky tagallalary bilen kybap gelýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň çäginde alyp barýan işi agzalyp, bu ugurda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna esaslandyrylan Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilendigi aýdyldy.
Festiwalyň dowamynda ýaşlaryň arasynda altynjy Fotosurat bäsleşiginiň baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çäräniň ahyrynda bolsa myhmanlara milli türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlemek bilen dabaraly kabul edişlik gurnaldy.
Bu çäre ÝUNESKO-nyň kanalynda onlaýn ýaýlyma berildi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....