Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden bäsleşik geçirildi

  • 22.09.2024 23:27
  • 5.9k+

18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyrynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan deslapky bäsleşigiň 38 ýeňijisi seçilip alyndy. Ders bäsleşiginiň ikinji tapgyry Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi. Onuň jemleri boýunça 1-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýsona Jumadurdyýewa, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Kerimberdi Atageldiýew bilen Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Gülnar Ballyýewa mynasyp boldy. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Maýsa Babaýewa, şol ýerdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Umyt Mergenow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähriban Babaýewa dagy 3-nji orny eýeledi. Olara 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, şeýle-de aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň ençemesine Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan okuwçylaryň paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, şol sanda «Aşgabat» seýilgähine gezelençleri guraldy diýip, "Türkmenistan" gazetinden habar berilýär.


08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......