Başgyrdystanda geçirilen forumda Magtymguly Pyragynyň kitaplary tanyşdyryldy

  • 22.09.2024 11:31
  • 2.8k+

Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde geçirilen GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumynyň çäklerinde "Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we medeniýetleriň köpdürlüligi" ady bilen panelleýin diskussiýalar geçirildi. Çärä Türkmenistandan Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçysy Jemile Gurbanowa wekilçilik etdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň wekili başgyrt hem-de türkmen medeniýetiniň arasyndaky ýakyn baglanyşygy nygtap, milli geýimlerdäki we maddy däl mirasdaky umumy meňzeşlikleri belläp geçdi. Başgyrt zenanlarynyň dakynýan, şol bir wagtda hem türkmen zenanlarynda duşýan bilezikler anyk mysal hökmünde agzaldy.
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna aýratyn üns berildi. Jemile Gurbanowa Foruma gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyny we türkmen kompozitorlarynyň saz eserleriniň toplumyny sowgat berdi.
Diskussiýalaryň barşynda bu günki güne çenli başgyrt ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan 2400 talybyň bilim alýandygy nygtaldy.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......