Täze emeli aň modeli “Jon Uik” we “Alagaraňkylyk” esasynda film döretmegi öwrener

  • 21.09.2024 23:10
  • 3.4k+

Runway kompaniýasy we Lionsgate studiýasy generatiw emeli aň modelini işläp taýýarlamak üçin hyzmatdaşlyk barada yglan etdiler, ol studiýanyň filmlerinde türgenleşdiriler. Täze emeli aň modeli surata düşüriş işlerine taýýarlyk we postprodakşen tapgyrlarynda režissýorlara we döredijilik hünärmenlerine kömek etmek üçin ulanylar diýlip, Runway startapynyň saýtynda habar berilýär.

Lionsgate studiýasynyň wise-başlygy Maýkl Býorns bu tehnologiýanyň mazmunlary az çykdajy bilen döretmäge mümkinçilik berjekdigini we häzirki önümçilik prosesini kämilleşdirjekdigini belledi. Käbir režissýorlar bu modeli ulanmaga eýýäm gyzyklanma bildirdi.
Runway-yň egindeş esaslandyryjysy we baş müdiri Kristobal Walensuela kompaniýanyň ideýalary we wakalary durmuşa geçirmegiň täze usullaryny hödürlemäge ymtylýandygyny belläp, Lionsgate-iň döredijilik topary bilen öndümli hyzmatdaşlyga ynam bildirdi.
Şol bir wagtyň özünde döredijilik kärdeşler arkalaşygy bilen gatnaşyklaryň we emeli aň modelini türgenleşdirmek üçin ulanylýan materiallaryň awtorlyk hukuklarynyň nähili düzgünleşdiriljekdigi sorag bolmagynda galýar. The Hollywood Reporter çykdajylaryň azalmagynyň şertnamany baglaşmak üçin esasy şert bolup bilendigini öňe sürýär, sebäbi Lionsgate studiýasy gymmat blokbasterleri döredýän beýleki uly studiýalar bilen deňeşdirilende özüniň ujypsyz býujetleri bilen bellidir.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....