Curiosity mars roweri Gyzyl planetadan Ýeriň we Fobosyň özboluşly suratlaryny iberdi

  • 21.09.2024 22:27
  • 3.6k+

Curiosity mars roweri Gediz Vallis kanalynyň iň günortasyndaky meýilleşdirilen barlagyny tamamlaýar we häzirki wagtda Marsyň demirgazyk-günbataryndaky täze wezipelere tarap ugraýar diýip, Space habar berýär.

“Biz Gediz Vallis kanalynyň iň günortasyndaky meýilleşdirilen barlagymyzy tamamlaýarys we günbatar sebiti öwrenmek üçin demirgazyk tarapa geçmäge taýynlyk görýäris. Marsyň geologiýasy we atmosferasy barada köp gyzykly maglumatlary aldyk we indi ýolumyzyň demirgazyk böleginde täze açyşlary etmäge  taýýar "-diýip, Curiosity missiýasynyň ýolbaşçysy aýtdy.

Şarp dagynyň sebitinde geçen ylmy blok çökündi gatlaklary, harsaňlary we geologiki gurluşlary jikme-jik öwrenmäge bagyşlandy. Mars roweri ChemCam guralyny ulanyp, dag jynslarynyň spektral derňewini geçirdi we Mastcam kamerasy arkaly daş-töweregiň suratlarynyň toplumyny ýygnady.
Iň soňky barlaglaryň esasy pursatlaryndan biri, Gediz kanalynyň ýokarky akymlarynyň we Coffeepot Canyon-nyň dag jynlarynyň gurluşynyň binýadynyň mozaika suratynyň döredilmegi boldy.
Mundan başga-da, mars roweri taryhy fotosuraty düşürmegi başardy, ol bir suratda aşaklap Ýeriň we Marsyň iki hemrasynyň biri bolan Fobosyň ýokarlap barýan görnüşini şekile geçirdi.

NASA: "Bu iki sany asman jisiminiň ilkinji gezek Marsyň üstünde bilelikde surata alnyşy" -diýdi.

Suratda Curiosity-iň 2014-nji ýyldan bäri çykyp gelýän, beýikligi 3 mil (5 kilometr) bolan Sharp dagynyň etegindäki Texolin depesiniň üstündäki asman görkezilýär.
Täsin surat mars missiýanyň 4295-nji gününde Mastcam kamerasy arkaly düşürildi. Mars roweri Gyzyl Planetada 12 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär.


şu gün 00:18
1.4k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
3.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....