«Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh açyldy

  • 21.09.2024 11:31
  • 14k+

Şu gün - 21-nji sentýabrda Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi diýip, TDH habar berýär.

Ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.


9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleri peýdalanylypdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutulypdyr.
Şeýle hem bu ýerde ýaşaýjylaryň mynasyp dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen seýilgäh guruldy. Seýilgähiň çäginde dürli görnüşli saýaly baglar ekilip, ýaşyl zolaklar döredildi. Bu bolsa ýaşaýyş toplumyna aýratyn bezeg berip, ýakymly howa gurşawyny döredýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....