Aşgabatda Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçiriler

  • 21.09.2024 00:34
  • 8.8k+

Şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýokary derejeli sebitleýin maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär Bu forum Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyndan hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisindäki ileri tutulýan garaýyşlaryndan ugur alnyp geçiriler. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bu ugurda dünýä bileleşigini ýurdumyzyň oňyn tejribesi bilen tanyşdyrjak forumy BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde geçirmek göz öňünde tutulýar.
“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem häzirki wagta çenli 5 müň 18  daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......