Serdar Berdimuhamedow 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna häzirden taýýarlanmagy tabşyrdy

  • 21.09.2024 00:25
  • 18k+

20-nji sentýabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV Tomusky Olimpiýa  we XVIII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Dünýä derejesindäki ýaryşlara ýurdumyzyň türgenlerini häzirden başlap taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňünde goýlan wezipelere laýyklykda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Guramaçylyk toparyny döretmegi, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklaryny guramagy teklip edýär. 
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow türgenlerimiziň 2028-nji ýylda geçiriljek Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi üçin häzirden zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......