Türkmenistanyň ilçisi E.Aýdogdyýew Bolgariýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 20.09.2024 14:29
  • 6.5k+

Türkmenistanyň Bolgariýadaky ilçisi E.Aýdogdyýew bu ýurduň Prezidenti Rumen Georgiýew Radewe ynanç hatyny gowşurdy. Dabara 18-nji sentýabrda Sofia şäherindäki Prezident köşgünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Türkmenistanyň Bolgariýadaky ilçisi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturan ýerinden alyp barar.
Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýanyň Prezidentine mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýle hem türkmen tarapynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Georgiýew Radew Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......