Öý alanyňdan hem arzan: finlýandiýaly jübüt jaýyň ýerine ada satyn aldy

  • 20.09.2024 23:46
  • 20k+

Finlýandiýaly 24 ýaşly Oliwer Rassell we 20 ýaşly Helena Tomaşewskaýa arzuw edýän jaýyny gurmak kararyna geldiler, ýöne adaty ýaşaýyş jaýynyň deregine has özboluşly çözgüt tapyp, ýaşalmaýan ada satyn aldylar. Bu barada, New York Post neşiri habar berdi.

Takmynan 10 müň inedördül metr meýdany bolan bu ada Finlýandiýada jaý satyn almakdan arzan bolup çykdy we ýaş maşgala 31 müň dollara düşdi.
Häzirlikçe jübütler adada guran uly çadyrlarynda ýaşaýarlar. Şeýle-de bolsa, olar geljekde bu ýerde kottej gurmagy meýilleşdirýärler.
Oliwer: "Biz özümize wagt çägini goýmaýarys, sebäbi öwrenmeli zatlarymyz entek köp" -diýdi. Onuň aýtmagyna görä, olar öň hiç wagt gurluşyk bilen meşgullanyp görmändirler.
Indi bolsa, bu jübütlerr adada ýaşap, öz YouTube blogunda ýerleşmek prosessi barada gürrüň berýärler.


22.05.2026 13:16
5k+

Tiz wagtdan Finlýandiýada ilatyň garramagy sebäpli jaýlaryň 30%-i boş galar

Ýakyn 20 ýylyň dowamynda Finlýandiýada ilatyň çalt garramagy (ýaşuly adamlaryň sanynyň köpelmegi) sebäpli, ýurtdaky bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň tas 30%-iniň boşap galmak howpy bar. Bu barada OP-Pohjola maliýe......

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

31.05.2025 16:21
10k+

Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar...

22.03.2025 23:31
9.5k+

Finlýandiýa sekizinji gezek dünýäniň iň bagtly ýurdy hökmünde saýlandy

Finlýandiýa ýaşaýjylaryň bagtly bolmagynyň derejesine esaslanýan ýurtlaryň täzelenen reýtinginde yzygider sekizinji gezek birinji orny eýeledi. Bu BMG-niň tabşyrygy boýunça hünärmenler topary tarapyndan taýýarlanýan Bütindünýä...