Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagynda ilkinji çäre geçirildi

  • 20.09.2024 10:39
  • 3.6k+

Tbilisi şäheriniň Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän okuw otagynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli "tegelek stol" duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk okuw otagy açylany bäri bu ýerde geçirilen ilkinji çäre boldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

"Tegelek stola" Türkmenistanyň we Gruziýanyň ylmy, medeni, syýasy we žurnalistika pudaklarynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda medeni hem ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde bu okuw otagynyň açylmagynyň ähmiýeti bellenip geçildi. Çykyş edenleriň nygtamagyna görä, bu okuw otagy iki halkyň arasyndaky dostluk hem özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin möhüm meýdança bolar.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......