Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä we maslahata gatnaşyjylary gutlady

  • 19.09.2024 14:53
  • 6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda ýurdumyzda oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtaýar.

"Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlar, hünärmenler tarapyndan ekinleriň ýokary hasylly, welaýatlarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlary döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Daýhanlarymyza işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Olaryň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary, tohum, dökün bilen yzygiderli üpjün edilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bilen, türkmen ýaýlalaryndan bugdaýyň, şalynyň, beýleki dänelik ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär we ýurdumyzda azyk bolçulygy has-da pugtalandyrylýar" diýlip, Gutlagda bellenilýär.
"Biz oba hojalyk pudagynyň işini halkara derejede ösdürmek, ony dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşdyrmak, türkmen daýhanlarynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan özgertmeleri mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçireris. Oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri dowam etdirmek bilen, tohumçylyk işini döwrüň talabyna görä yzygiderli kämilleşdireris. Pudagy dünýäniň iň kämil, öndürijilikli tehnikalary bilen üpjün ederis. Oba hojalygyny gülledip ösdürmekde, toprakdan bol hasyl öndürmekde nusgalyk iş bitirýän edermen daýhanlarymyzyň işine hemişe ýokary baha bereris" diýip, döwlet Baştutany belleýär.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....