Owganystanyň daşary işler ministri TOPH taslamasyna ygrarlydygyny belledi

  • 19.09.2024 09:51
  • 6.4k+

15-nji sentýabrda Owganystanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we beýleki ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň gurluşygynyň täze tapgyrlarynyň başlanmagy mynasybetli brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habat berýär.

Brifinge Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottaki we ministrligiň bölüm müdirleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Kabuldaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Brifingiň başynda Amir Han Mottaki çykyş edip, 11-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň gatnaşmaklarynda türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky «Islim-Çeşme» serhet nokadynda birnäçe desgalary işe girizmek, şeýle hem gurluşygyna badalga bermek dabarasynyň geçirilendigini belledi. Türkmenistanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly işleriniň tamamlanandygy we Owganystanyň çägindäki işlere girişilendigi hem aýratyn nygtaldy.
Amir Han Mottaki Owganystanyň bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygyny belledi. Bu ugurdaky ähli zerur resminamalaryň Owganystan tarapyndan ylalaşylandygy we gol çekdilendigi bellenildi. Şeýle hem gazyň esasy böleginiň Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana iberiljekdigi nygtaldy.
Şunuň bilen birlikde, elektrik, demir ýol we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň işe girizilendigi bellenildi.
Brifingde Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde geçirilen çäreler, olaryň tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi nukdaýnazaryndan ähmiýeti barada gürrüň berdi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......