Bugatti 5 ýyldan soň tizlik rekordyny täzelemäge taýynlanýar

  • 18.09.2024 20:28
  • 8.3k+

Bäş ýyllyk arakesmeden soň, Bugatti ýene-de tizlik rekordlaryny goýmagy dowam etmegi maksat edinýär. Täze strategiýany Montereýadaky awtoulag hepdeliginde kompaniýanyň başlygy Mate Rimaz yglan etdi diýip, IXBT habar berýär.

Ozal 2019-njy ýylda kompaniýanyň öňki başlygy Stefan Winkelman Bugatti-niň beýleki ugurlara has köp üns berip, täze rekordlar goýmaga synanyşmajakdygyny aýtdy. Ýöne täze ýolbaşçynyň gelmegi bilen ýagdaý üýtgedi.
2 müňe golaý at güýjüni öndürýän Rimac Rivera-ny döretmek bilen meşhur bolan Mate Rimazyň ýolbaşçylygynda kompaniýa täze Tourbillon modelini hödürledi. Awtoulag 8,3 litrlik V16 hereketlendirijisi we jemi 1775 at güýjüni öndürýän 3 sany elektrik hereketlendirijileri bolan gibrid ulgamy bilen üpjün edilendir.
Fransuz Bugatti we horwat Rimac kompaniýalary 2021-nji ýylda birikmek kararyny yglan etdiler. Şol wagt Mate Rimaz “Bugatti Rimac” kompaniýasynyň başlygy wezipesini eýeledi. Bu kompaniýanyň paýnamalarynyň 55%-i Rimac Group-a, galan 45%-i bolsa nemes Porsche AG kompaniýasyna degişlidir.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...