Türkmen oba hojalyk instituty talyplaryň arasynda halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini geçirýär

  • 18.09.2024 12:10
  • 2.4k+

Türkmen oba hojalyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini geçirer. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bäsleşige gatnaşmaga ýokary okuw mekdeplerinde näçinji ýyl okaýandygyna we hünärine garamazdan, gyzyklanma bildirilýän talyplaryň ählisi çagyrylýar. Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Bäsleşigiň geçirilmegi oba hojalygynyň durnukly ösüşine hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde suw çeşmelerinden rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Bäsleşik 3 ugur: Oba hojalyk taslamalary; IT-taslamalary; Işewürlik taslamalary boýunça geçiriler.
Ýaryş iki tapgyry özünde jemläp, şolaryň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öz işlerini ylmy-taslama ýazgysy we tanyşdyrmalar görnüşinde görkezerler.
I tapgyrda bäsleşikde kabul edilen 3 sany uguryň birine degişli talybyň ýa-da düzümi iki gatnaşyjydan ybarat bolan talyplar toparynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslamanyň işiniň ýazgysyny 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron salgysyna ibermelidirler.
Iberilen işleriň eminler topary tarapyndan geçirilen seljermeleriniň netijesi boýunça II tapgyra geçen talyplaryň sanawy 10-njy oktýabrda institutyň k ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň 16-17-nji oktýabrda onlaýn ýagdaýda geçiriljek II tapgyrynda oňa gatnaşyjylar Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde öz ylmy-taslamasy boýunça tanyşdyrmalary bilen çykyş etmeli bolarlar.
Taslamanyň wajyplygy, täzeçilligi, mazmuny, gerimi, durmuşa ornaşdyrmak mümkinçiligi, daşky gurşawa täsiri ýaly Merkezi guramaçylyk iş topary tarapyndan talyplaryň işlerine baha beriljek esasy ugurlar bolar. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk pudagy boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri girer.
Bäsleşigiň ugurlarynyň üçüsiniň hersi boýunça I, II we III orunlar baha berilmegiň ähli görkezijileri boýunça toplanan utuklaryň jeminiň esasynda kesgitleniler. Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.
Işleri bellige aldyrmak hem-de bäsleşik baradaky beýleki maglumatlar Türkmen oba hojalyk institutynyň saýtynda ýerleşdirilendir.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......