Serdar Berdimuhamedow Ak tamda Donald Tramp bilen duşuşdy

  • 08.11.2025 08:43
  • 22k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Ak tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow duşuşmak üçin Ak tama gelmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu formatyň ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi we bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýdyp, Birleşen Ştatlaryň ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygyny, Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Donald Tramp türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.


08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......