Newada ştatynda eşidilýän geň güňleç ses ilatda howsala döredip, ýerasty şäheriň gurluşygy baradaky gürrüňlere sebäp boldy

  • 05.11.2025 09:37
  • 12k+

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Newada ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjylary Mid kölüniň golaýynda eşidilen näbelli güýçli güňleç sesler sebäpli howsala düşdüler. Las-Wegasyň 39 kilometr gündogarynda, Kolorado derýasynyň üstünde ýerleşýän bu uly suw howdanynyň töweregindäki kanýonlarda adaty bolmadyk güýçli we depginli sesleriň ýaňlanýandygy aýdyldy. Daily Mail neşiriniň maglumatyna görä, ýerli polisiýa ýaşaýjylardan onlarça arz-şikaýat kabul edipdir, sosial ulgamlarda bolsa bu sesler barada köp sanly wideo peýda bolandygyny görmek bolýar.

Hadysa şaýat bolanlaryň gürrüňleri dürli-dürlüdir. Käbirleri bu sesleri äpet demir gapynyň uzakdan gelýän jygyldysyna meňzedýärler. Başgalar bolsa ony gaz turbasyndan çykýan güwwüldä çalymdaş diýip belleýärler.
Bir ýaşaýjynyň ýazmagyna görä: «Ses şeýle bir güýçli boldy welin, penjireler lerzana gelip, titreme müňlerçe metr aralyga ýaýrady». Ýene biri bu sesleriň depginli ýagdaýda, belli bir ýygylykda çykýandygyny aýdyp, munuň adam tarapyndan döredilýän enjama meňzeýändigini nygtaýar.
Ýerli hünärmenler birnäçe tebigy düşündirişleri öňe sürýärler. Olardan, kanýonlaryň arasynda güýçli ýeliň emele getirýän ýanyk sesi, ownuk ýer yranmalary, Guwer bendinden ýa-da golaýdaky gurluşyk meýdançalaryndan geçýän sandyramalar bar.
Şeýle sesler Mid kölüniň töwereginde ozal hem birnäçe gezek bellige alnypdy. 2010-njy ýyllarda kölüň suw derejesiniň peselmeginden soň şeýle habarlar ýygy-ýygydan peýda bolup başlady. 2022-nji ýylda suwuň rekord derejede peselmegi bilen syýahatçylar demriň gaty jygyldysyny we ýerastyndan ýaly eşidilýän çuňňur güňleç sesleri has gowy saýgaryp başladylar.
Şol bir wagtyň özünde, konspirologiýa nazaryýetçileri başgaça pikir öňe sürýärler. Olar bu sesleriň çeşmesiniň “51-nji Zolak” diýlip atlandyrylýan meşhur harby territoriýanyň golaýyndaky ýerasty desgalara baglanyşykly bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Bu baza 1950-nji ýyllardan bäri gizlin harby taslamalar we daşky älem seresaplyklary bilen baglanyşykly gürrüňleriň merkezinde. Käbirleri bolsa şol ýerde “ýakyn geljekde bolup biljek wakalara taýýarlyk üçin” ýerasty şäher gurulýandyr öýdýärler.


düýn 12:34
1.4k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....