Serdar Berdimuhamedow «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi

  • düýn 23:47
  • 1.4k+
Serdar Berdimuhamedow «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howa bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň eýeleýän ornuna, onuň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna, degişli taslamalary we maksatnamalary ilerletmekde işjeň orny eýeleýändigine ýokary baha berýär. 
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahatyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol maslahatda möhüm meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. 
Döwlet Baştutany «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony biziň formatymyzyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.


düýn 22:07
2.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygyny belledi

Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan...

düýn 22:02
3k+

Serdar Berdimuhamedow Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda halkara bileleşigi Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam...

düýn 21:56
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti: Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň gatnaşyklary sebitdäki umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Türkmenistan sebit parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini...

düýn 16:10
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-nde TIF 2024 maýa goýum forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing...