Türkmenistanyň Prezidenti: Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň gatnaşyklary sebitdäki umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler

  • 17.09.2024 21:56
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Türkmenistan sebit parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýandygyny nygtady diýip, TDH belleýär.

"Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we Germaniýanyň arasyndaky has ysnyşykly syýasat we diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüneçekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, dünýä bileleşiginiň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy arkaly tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Bitarap, parahatçylygy söýüji döwlet hökmünde Türkmenistan üçin şeýle çemeleşme möhüm ähmiýete eýedir. Biz şu maksatlara ýetmäge, şol sanda häzirki formatda hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýanyň diplomatik gatnaşyklaryny güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatlygyna garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn ünsi çekdi. 
Şu däp bolan töwekgelçiliklerden başga-da, Türkmenistan täze howplara –kiberjenaýatçylyga we biologik howpa garşy göreşmekde netijeli bilelikdäki tagallalara geçmegi teklip edýär. Bularyň ählisi iň täze ylmy tehnologik işläp taýýarlamalara daýanýan goranmagyň döwrebap netijeli mehanizmlerini talap edýär. Bu babatda biz Germaniýanyň kuwwatyna, serişdelerine we tejribesine bil baglaýarys diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň Germaniýanyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, ýokarda agzalan töwekgelçiliklere gözegçilik we monitoring etmek ulgamynda işlemäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. 
Halkara formatynda hem, ilkinji nobatda, BMG-niň we onuň degişli edaralarynyň çäklerinde bu ugurlar boýunça işiň anyk ýollaryny bilelikde kesgitlemegi oýlanyşykly we peýdaly hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutany nygtady.


11.05.2026 22:55
915

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......