Porsche reňkini üýtgedýän boýaga reňklenen çäkli Taycan Turbo S seriýasyny hödürledi

  • 12.09.2024 14:33
  • 9.3k+

Porsche awtoöndürijisi syn ediş burçuna görä we dürli ýagtylyk şertlerinde reňkini üýtgedýän özboluşly boýag bilen tapawutlanýan Celestial Jade atly çäkli Taycan Turbo S seriýasyny hödürledi. Reňkiň üýtgeme effekti Ýer gabygynda basyşa we gyzma sezewar bolup, dürli öwüşginlere eýe bolýan gymmat bahaly daşlara öýkünýär diýip, IXBT ýazýar.

Boýagyň taýýarlanmagy bir ýyla golaý wagt aldy. Porsche-niň hünärmenleri aýna gatlak bilen gurşalan şöhlelenýän alýumin özeninden ybarat ownujak bölejikleri saklaýan iki sany Chromaflair boýagyny garyşdyrdylar. Netijede, dürli şertlere baglylykda kuzowyň reňki ýiti ýaşyl we sary reňkden başlap, goýy çal, gara, altyn we gök reňklere çenli üýtgeýär. Boýag elde ýerine ýetirildi, bu iş 80 sagatlyk zähmeti talap etdi.
Özboluşly boýagdan başga-da, Celestial Jade gapy bosagalarynda, kelle goýulýan ýerlerde ýörite Dragon Horse nyşanyna eýe boldy.
Awtomobil Günorta-Gündogar Aziýanyň dürli salonlarynda görkeziler, 2025-nji ýylda bolsa auksiona çykarylar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......