IKEA dünýäde iň uly pižamaly şüweleň gurap, rekord goýdy

  • 13.09.2024 10:32
  • 10k+

IKEA kompaniýasy dünýäde iň uly pižamaly şüweleňi gurady. Oňa kompaniýanyň işgärleri – 2051 adam gatnaşdy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär. Hödürlenen suratlara görä, ýatmak üçin eşik toplumlary ähli gatnaşyjylarda diýen ýaly birmeňzeş bolup, balaklar we köýnekçeler logotipiň reňklerine salgylanýan esasy, gök reňkdedi.

Çäkli çykarylan pižamalar doly derejede gaýtadan işlenen plastikden taýýarlandy. Çäre kompaniýanyň esaslandyrylan, IKEA-nyň ilkinji dükanynyň, ofisiniň we dünýäde ýeke-täk IKEA myhmanhanasynyň ýerleşýän ýeri bolan Şwesiýadaky Elmhult şäherinde guraldy.

Ilkibaşda topar girişi ähli isleg bildirýänler üçin açyk etmek isledi, ýöne soň diňe öz işgärleri bilen çäklenmek kararyna geldi. Ýygnanyşyk ýerine ýumşak düşekçeler, ýassyklar, ýorgan-düşek daşlyklary getirildi. Gatnaşyjylaryň her biri özboluşly QR kody bilen hasaba alyndy. Netijede, resmi emin Glenn Pollard umumy sany tassyklady, Ginnesiň kitabynyň şahadatnamasy bolsa rekordyň goýlan güni şol ýerde kompaniýanyň wekiline berildi.


04.06.2026 17:17
5.5k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....