Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretary Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny saýlamaga gatnaşdy

  • 11.09.2024 12:07
  • 11k+

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretary Ata Akmämmedow 8-nji sentýabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) saýlaw Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetinde habar berdiler.

Çärä Aziýanyň ähli künjeginden wekiller gatnaşyp, sebitiň sport geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem Assambleýa agza döwletler täze ýolbaşçy saýladylar.


AOG-nyň täze Prezidenti wezipesine Raja Randhir Sing saýlandy. Raja Randhir Sing, tejribeli sport dolandyryjysy we AOG-nyň wagtlaýyn Prezidenti şeýle hem, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (IOC) agzasy bolup, ol Olimpiýa hereketinde giňden tejribe toplady. Singiň saýlanmagy, agza ýurtlaryň sport infrastrukturasyny gowulandyrmak, inklýuziýany goldamak (ähli sportçylaryň deň mümkinçiliklerden peýdalanmagyny) we Aziýanyň ýaşlaryny sporta çekmek baradaky öňden görüjilikli meýilnamasyna bolan güýçli goldawyny görkezýär.

Raja Randhir Sing öz çykyşynda, AOG-nyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, şol sanda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek we agza ýurtlardaky sport programmalaryny ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Ol sport desgalaryna maýa goýmagyň zerurlygyny we sport arkaly agzybirligi pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp geçdi, şeýle hem Aziýanyň dünýä sport sahnasynda has güýçli orun eýelemegini maksat edinýändigini aýtdy.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......