Harri Keýn we Mohamed Salah öz milli ýygyndylary üçin 100-nji oýny oýnadylar

  • 11.09.2024 18:29
  • 8.1k+

Harri Keýn we Mohamed Salah milli ýygyndylary üçin ýubileý 100-nji oýunlaryny bellediler.

10-njy sentýabrda Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi we kapitany Garri Keýn UEFA-nyň Milletler Ligasynyň Finlýandiýa garşy oýnunda “üç ýolbarsyň” düzüminde ýüzünji oýnuny oýnady. Duşuşyk başlamazdan öň oňa Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçylary Eşli Koul we Frenk Lempard tarapyndan “Altyn papak” gowşuryldy.
Keýn ilkinji gezek milli toparyň düzüminde 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýewropa çempionaty – 2016-nyň Litwa garşy saýlama oýnunda çykyş etdi, ol gol bilen tapawutlandy. Angliýanyň milli ýygyndysy üçin Keýn jemi 66 gol geçirdi we 19 assist bilen tapawutlandy.


Şol gün “Liwerpulyň” sag hüjümçisi Mohamed Salah Müsüriň milli ýygyndysy üçin 100-nji oýnuny geçirdi. Ýubileý oýny 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Afrika saýlama ýaryşynyň çäklerinde Gwineýa-Bisau toparyna garşy boldy we deňme-deň (1:1) tamamlandy. Salah Müsüriň milli ýygyndysy üçin 2011-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Ol bu döwürde 56 gol geçirip, 33 netijeli geçirim bilen tapawutlandy.
Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, 32 ýaşly oýunçynyň bahasy 55 mln ýewro.


düýn 22:01
3.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.2k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......