Apple täze iPhone 16-lary Hindistanda ýygnap, bütin dünýäde satyp başlar

  • 13.09.2024 15:50
  • 10k+

Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waýşnaw iPhone 16-nyň Hindistanda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykaryljakdygyny mälim etdi. Ozal kompaniýanyň önümleri bu ýurtda diňe içerki bazar üçin niýetlenip çykarylýardy diýip, IT Home habar berýär.

iPhone önümçiliginiň diwersifikasiýa edilmegi, esasanam, üýtgeýän geosyýasy ýagdaý we üpjünçilik zynjyryndaky näbellilik şertlerinde Apple-iň bir ýurda garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, global bazardaky iPhone-larda diňe bir “Made in China” däl, eýsem “Made in India” ýazgysy hem peýda bolar.
Ozal 2024-nji ýylda Hindistan hökümeti ykjam enjamlar üçin komponentleriň import salgydyny 15%-den 10%-e çenli azaltdy. Bu çäre ýurda has köp öndürijini çekmäge we ýerli önümçiligi ösdürmäge gönükdirilendir.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....