Fransiýanyň Birinji hanymy Brižit Makron “Emili Parižde” serialynda peýda bolar

  • 11.09.2024 18:21
  • 10k+

Fransiýanyň Prezidentiniň aýaly Brižit Makron Netflix-iň “Emili Parižde” serialynyň täze möwsüminde peýda bolar. Ýurduň Birinji hanymy özüniň epizodik keşbini ýerine ýetirer.

“Elle” žurnaly hanym Makronyň modasy bilen belli bolan serial tarapyndan “anyk görkezmeler bolmazdan” öz eşiklerini geýjekdigini ýazýar.
Makrony surata düşüriş meýdançasyna çagyrmak pikiri 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, serialy döredijiler bilen Birinji hanymyň Ýeliseý köşgündäki duşuşygynda ýüze çykdy.
Taslamany dörediji Darren Star Makronyň “uly zehininiň” bardygyny belledi. Serialda baş keşbi ýerine ýetiriji Lili Kollinz Makronyň seriala gatnaşmagynyň heniz 2022-nji ýylda meýilleşdirilendigini tassyklady.
Bu Brižit Makronyň kinoda eýýäm ikinji gezek peýda bolmagydyr. Ol 2018-nji ýylda iki sany maýyp suwda ýüzüji baradaky “Vestiaires” komediýa serialynda epizodik keşbi ýerine ýetirdi. Şeýle-de, şu ýyl alty bölümden ybarat “Brigitte, une femme libre” (Brižit, erkin aýal) biografik filminiň önümçiligi başlandy.
“Emili Parižde” serialynyň täze möwsüminiň premýerasy 12-nji sentýabrda bolar.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 19:11
5.9k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....