AirPods 4-iň galmagaly basyjylygy AirPods Pro 2-niňkiden iki esse pes bolup çykdy

  • 14.09.2024 07:28
  • 3k+

Ýakynda tanyşdyryş dabarasynda Apple işjeň galmagalyň sesini basýan AirPods 4 nauşnikleri bilen tanyşdyrdy, ýöne onuň netijeliligi AirPods Pro 2–niňkiden iki esse pes boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlara salgylanýan 9to5mac portaly habar berdi.

Apple modelleriň arasyndaky esasy tapawudyň gurluşlaryndadygyny  takyklaýar: AirPods Pro-nyň wkladyşlary bar, AirPods 4-iň bolsa - “gurluşy açyk”. Galmagaly peseltmek üçin kämilleşdirilen mikrofonlarynyň we H2 çipiniň bardygyna garamazdan, AirPods 4 galmagaly basmakda Pro 2 modelinden pesdir.
Kompaniýa AirPods 4-iň uçaryň sesi ýa-da şäher gatnawy ýaly, daşarky galmagallary basmak üçin niýetlenendigini we aç-açanlyk režimi hem-de adaptasiýa ses sazlamasy bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtaýar. Şeýle hem täze önüm ulanyjy gepleşýän wagtynda aýdym-sazyň sesini peseldýän aç-açanlyk režimine we söhbetdeşligi tanamak funksiýasyna eýedir.
AirPods 4 129 dollar bahadan eýýäm öňünden sargyt etmek üçin elýeterli. Şol bir wagtyň özünde AirPods Pro 2 bolsa 179 dollardan satylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...