Özboluşly ganat dizaýny bolan wodorod uçary synag uçuşlaryna taýýarlanýar

  • 17.09.2024 11:27
  • 7.8k+

EasyJet awiakompaniýasy JetZero startapy bilen bilelikde wodorodda işleýän gatyşyk ganatly uçary döretdiler. Bu taslama kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 50% azaltmagy maksat edinýär we 2030-njy ýyla çenli täjirçilik işine başlap biler diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.

Uçaryň nusgasy sertifikatlaşdyrylmak üçin möhüm ädim bolan synag uçuşlary üçin taýýarlandy.
JetZero tarapyndan döredilen uçar, guýruk ganatynyň aýrylmagy bilen ep-esli garşylygyň we agramyň azaldylmagyny üpjün edýän gatyşyk ganat konsepsiýasyny ulanýar. Uçaryň ýasy korpusy uly ganatyň zerurlygyny azaldyp, ýerden galyş güýjüni ýokarlandyrýar. Işläp düzüjileriň pikiriçe, bu tehniki çözgüt ýangyjy ep-esli tygşytlamaga kömek eder.
Taslama 4,5 million dollar möçberinde maliýe goldawyny aldy. Şeýle hem ABŞ-nyň Goranmak ministrligi bilen 235 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu serişdeler 2027-nji ýyla çenli geljekki synaglar we köpçülikleýin önümçilige başlamak üçin ulanylar.
Uçar diňe bir ýolagçy gatnawy üçin däl, eýsem ýük daşamak üçin, şeýle hem reaktiw laýner ýa-da tanker hökmünde hem ulanylyp bilner.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......