Larri Ellison dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Jeff Bezosdan öňe geçdi, ol indi ikinji orunda

  • 17.09.2024 21:27
  • 8.2k+

Oracle Corporation-yň egindeş esaslandyryjysy we müdirler geňeşiniň başlygy Larri Ellison dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde Amazon-y esaslandyryjy Jeff Bezosdan öňe geçip, ikinji orny eýeledi. Bu barada Forbes Real-time Billionaires habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Ellisonyň baýlygy bir günde 9,4 mlrd dollar artyp, 207,1 mlrd dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde Bezosyň baýlygy 1,5 mlrd dollar, 202,9 mlrd dollara çenli azaldy. Netijede, ol sanawda üçünji orna düşdi. Ilon Mask 251,1 mlrd dollar baýlygy bilen birinji orny saklaýar.
Yzygider bäşinji söwda sessiýasynda dowam edýän Oracle-yň paýnamalarynyň ösüşi esasy faktor boldy. Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 2024-2025-nji maliýe ýylynyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabaty neşir edilenden soň 21,5% ýokarlandy. Bu hasabat analitikleriň çaklamasyndan ýokary boldy.
Oracle 1977-nji ýylda esaslandyryldy we Tehas ştatynyň Ostin şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa dünýäniň öňdebaryjy programma üpjünçiligini öndürijileriniň biridir.


12.03.2026 07:31
7.9k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

02.03.2026 18:32
4k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

13.01.2026 13:28
8.3k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

03.01.2026 11:24
14k+

Bloomberg: 2025-nji ýylda iň baý adamlaryň baýlygy görlüp-eşidilmedik derejede — 2,2 trillion dollar artdy

Dünýäniň iň baý 500 adamsynyň umumy baýlygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli rekord derejede 2,2 trillion dollar artyp, 11,9 trillion dollara ýetdi. Bu barada milliarderleriň indeksine salgylanýan "Bloomberg" agentligi habar berýär...