Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

  • 02.03.2026 18:32
  • 4k+

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär.

Kompaniýa adaty önümçiligiň netijeliligini we girdejililigini ýokarlandyrmak üçin inženerçilikde we taslamalaşdyrmakda özüniň hususy emeli aň ulgamlaryny ulanmagy maksat edinýär.

Taslama awtomatlaşdyrmagyň eýýäm iş orunlarynyň azalmagyna we peýdanyň peselmegine getiren kärhanalara gönükdirilendir. Kompaniýanyň ýolbaşçylary EA platformasynyň ornaşdyrylmagynyň önümçilik amallaryny optimallaşdyrmak, galyndylary azaltmak we täze önümleri işläp taýýarlamagy çaltlandyrmak arkaly girdejililigi artdyrjakdygyna ynanýarlar. Bäş ýylyň dowamynda maýadarlar üçin girdejililigiň ýyllyk 20%-e ýetmegine, maýa goýumlaryň umumy möçberiniň bolsa 30 milliard dollardan geçmegine garaşylýar.

Ykdysatçylar bu çemeleşmäniň sanly tehnologiýalara goýulýan maýa goýumlaryň artmagy bilen işsizlik derejesi ýokary bolan sebitlerde möhüm iş çeşmesi bolup galýan adaty senagaty goldamak synanyşygyny birleşdirýändigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, olar işgärleri täzeden okatmak we enjamlary döwrebaplaşdyrmak üçin uly serişdeleriň gerekdigini görkezýärler.

Töwekgelçilikleriň arasynda EA komponentlerini üpjün edijilere garaşlylyk, kiberhowpsuzlyk meseleleri, bazaryň monopoliýalaşdyrylmagy mümkin bolan güýçlenmegi we serhetüsti maýa goýumlarynyň düzgünleşdirilmeginiň berkleşmegi agzalýar.


düýn 10:45
2.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.6k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
950

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......