Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

  • düýn 07:31
  • 6.4k+

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy.

Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar.

Mundan ozal, Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň öz maşgalasy bilen hut şu adadan 170 million dollara kaşaň jaý satyn alandygy mälim edilipdi.

RIA Nowosti agentliginiň berýän habaryna görä, Bezos 2023-nji ýylyň ortalaryndan 2025-nji ýylyň iýunyna çenli bu ýerden jemi dört sany mülk ýer satyn alypdyr. Olaryň üçüsi Sukerbergleriň golaýynda ýerleşýär we umumy meýdany 26 müň inedördül metr töweregidir.

11-nji we 12-nji belgili, bahasy 147 million dollarlyk bu ýerler «Palm Trust» we «Cape Trust» gaznalary arkaly resmileşdirildi. Mülkleriň Bezosa degişlidigi 2024-nji ýylda öňki eýesiniň kazyýete eden şikaýatyndan soň mälim boldy.

Şeýle-de milliarderiň bahasy 105 million dollar bolan 9-njy belgili mülki satyn alandygy hem çaklanylýar. Bu söwda bolsa «Ocean Trust» gaznasy arkaly amala aşyrylypdyr.

Umuman alanyňda, Bezosa degişli diýlip çaklanylýan bu dört sany mülk ýeriň umumy bahasy 339 million dollara ýetýär.


02.03.2026 18:32
3.9k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

13.01.2026 13:28
8.3k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

03.01.2026 11:24
14k+

Bloomberg: 2025-nji ýylda iň baý adamlaryň baýlygy görlüp-eşidilmedik derejede — 2,2 trillion dollar artdy

Dünýäniň iň baý 500 adamsynyň umumy baýlygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli rekord derejede 2,2 trillion dollar artyp, 11,9 trillion dollara ýetdi. Bu barada milliarderleriň indeksine salgylanýan "Bloomberg" agentligi habar berýär...

23.11.2025 20:28
2.5k+

Bezos täze «Project Prometheus» startapyny esaslandyrdy we 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady

Milliarder Jeff Bezos emeli aň ulgamynda «Project Prometheus» atly başlangyjyny işe girizdi. The New York Times gazetiniň habaryna görä, kompaniýa eýýäm 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady we bu ony irki tapgyrdaky maliýeleşdirme boýunça dünýäde öňdebaryjy başlangyçlaryň birine öwürdi...