Täze taslama Merkezi Aziýanyň şäherleriniň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna ýardam eder

  • 17.09.2024 10:26
  • 3.3k+

Astana şäherinde (Gazagystan) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Şäherleriň betbagtçylyk töwekgelçiligine we howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak» atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek baradaky ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda Merkezi Aziýanyň şäherlerindäki howanyň töwekgelçiligine durnuklylygyny ýokarlandyrmak arkaly durnukly ösüşi ýardam etmäge gönükdirilen täze taslamany Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Ýaponiýanyň Hökümeti «Merkezi Aziýa goşmak Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň jähtinden sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçirmek göz öňünde tutýarlar.
Howanyň üýtgemegi boýunça bilermenleriň hökümetara topary (HÜBHT) öz Altynjy baha beriş hasabatynda howanyň üýtgemegi Merkezi Aziýa üçin çynlakaý howpdur, çünki howanyň gyzmagy dünýä boýunça ortaça görkezijiden ýokarydyr, 2085-nji ýyla çenli howanyň 2,0-dan 5,7 gradusa çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Bu ýagdaý has agyr howa hadysalaryna, öte yssy howa we gurakçylyga getirip, sebite çynlakaý wehim salar.
Bu çaklama howanyň gün tertibine gyssagly çäre görmegi, artýan tebigy howplara garşy göreşmek we sebitdäki şäherleriň durnuklylygyny pugtalandyrmak üçin bilelikdäki usullary we özgeriş strategiýalaryny netijeli ulanmagy talap edýär.
BMGÖM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, taslama bar bolan utgaşdyryş meýdançalary arkaly sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şol bir wagtyň özünde Ýaponiýa ýaly ýurtlarda ulanylýan üstünlikli tejribe esasynda şäher meýilnamalaşdyrylyşyna innowasion çemeleşmeleri girizmäge gönükdiriler. Howa we tebigy töwekgelçiliklere baha bermegiň täze usullaryny birleşdirmek bilen, taslama geljekdäki howa meselelerini netijeli çözmek üçin şäher meýilnamasyna täzeden garamagy maksat edinýär. Mundan başga-da, ol taslamanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň dowamlylygyny üpjün etmek üçin okuw çärelerini hem göz öňünde tutýar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......