BSGG maýmyn mamasyna garşy ilkinji sanjymy tassyklady

  • 16.09.2024 10:46
  • 3.8k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) maýmyn mamasyna (mpox) garşy göreşmek üçin Bavarian Nordic kompaniýasynyň MVA-BN sanjymyny tassyklady diýip, guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan “Wedomosti” neşiri ýazýar.

Sanjym BSGG-niň deslapky topar sanawyna girizildi.
BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus: “Mama garşy sanjymyň bu deslapky ilkinji topary Afrikada häzirki ýüze çykýan wiruslara ýa-da geljekde bu kesele garşy göreşmek üçin möhüm ädimdir "-diýdi.
MVA-BN sanjymy 18 ýaşdan uly adamlar üçin niýetlenendir we dört hepde arakesme bilen iki doza görnüşinde sanjylýar. Kesel ýaýran halatynda, derman serişdeleri çäkli bolanda ýekeje sanjym etmek hem bolar. Waksina kämillik ýaşyna ýetmediklerde ulanmak üçin ygtyýarnama berilmese-de, çagalarda, ýetginjeklerde, göwreli aýallarda we immuniteti gowşak adamlarda gözükdirmeden daşary ulanylyp bilner.
Sanjymy kesel ýaýranda, onuň peýdasy bolup biläýjek töwekgelçiliklerden ýokary bolanda ulanmak maslahat berýär.
Gebreýesus bu sanjymyň Afrikada, şol sanda Kongo Demokratik Respublikasynda keseliň täze ýüze çykarylan mpox ştammynyň häzirki ýaýramasynyň öňüni almakdaky ähmiýetini belläp geçdi. BSGG ýokançlygyň mundan beýläk ýaýramagynyň öňüni almak üçin halkara derejesinde utgaşykly hereket etmäge çagyrdy.


düýn 12:08
5.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......