Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

  • 15.09.2024 12:48
  • 4.5k+

14-nji sentýabrda Aşgabatda daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Forum Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi hem-de DTYB-nyň işiniň geljekki ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar barada wekiliýet agzalaryna giňişleýin maglumat berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi hereket edýär.
Germaniýadan, Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işi barada gürrüň berdiler.
Çykyşlarda ýurdumyzyň çäginden daşarda hem giňden tanalýan abraýly halkara gurama bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýeti boljakdygy bellenildi.
Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
DTYB-nyň XXV maslahatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....