Serdar Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

  • 14.09.2024 14:24
  • 10k+

Şu gün - 14-nji sentýabrda Türkmenistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

"Dünýä türkmenleri sebitde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, hyzmatdaş döwlet hökmünde giňden tanalýan ýurdumyzda geçirilýän köp sanly çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň şaýady bolýarlar. Häzirki döwürde dünýä türkmenleriniň ýüzlerçesi Türkmenistanda iş alyp barýarlar we ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, edebiýatyny we dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. 1991-nji ýylyň maýynda döredilen bu birleşik dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi. Doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da jebisleşdirmekde, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da ýaýbaňlandyrmakda, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde bize ägirt uly işler garaşýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....