Türkmenabatda Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkeziniň şahamçasy açyldy

  • 13.09.2024 11:31
  • 6.2k+

9-njy sentýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 32-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkeziniň şahamçasy açyldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Açylyş dabarasyna merkeziň ýolbaşçysy Ç.Hanmuhammedow, edaranyň işgärler düzümi, Baş bilim müdirliginiň wekilleri, şeýle hem ýerli mekdebiň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdy.
Şahamçanyň açylmagynyň maksady - bilim bermegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak we bilim edaralarynyň hünärmenlerine häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ulanmagy öwretmek. Çärede merkez tarapyndan işlenilip düzülen "E-mekdep" elektron platformasyna aýratyn üns berildi. Bu platforma okuw prosesi barada günüň dowamynda SMS ýa-da sanly habar beriş arkaly onlaýn görnüşde maglumat alyp durmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenabatdaky şahamça şeýle hem bilim ulgamynyň işgärleriniň hünär başarnyklaryny giňeltmäge we dil hem-de kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......