Wengriýanyň täze ilçisi Türkmenistanda işe başlady

  • 13.09.2024 11:07
  • 2.2k+

12-nji sentýabrda Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Roža Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Ilçi diplomatik işini Daşkent şäherindäki (Özbegistan) rezidensiýasyndan alyp barar.
Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy. Şol syýasat parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň okgunly ösmegini şertlendirýär.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Ýožef Roža döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


Düýn ilçi Ýožef Roža şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenildi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......