SpaceX taryha girdi: ilkinji gezek hünärmen däl syýahatçy açyk kosmosa çykdy

  • 13.09.2024 10:09
  • 5k+

SpaceX-iň Polaris Dawn missiýasynyň çäklerinde kosmos syýahatçysynyň açyk kosmosa taryhy çykyşy üstünlikli geçdi: astronawt Ýerden 700 km belentlikde Crew Dragon gämisinden kosmosa tanap bilen çykdy.

41 ýaşly milliarder Jared Aýzekman täjirçilik uçuşynyň çäklerinde açyk kosmosa çykan ilkinji adam boldy, ýöne onuň gämini doly terk etmändigini bellemelidiris. Şeýle-de, açyk kosmosa SpaceX-iň inženeri Sara Jillis çykdy.
Açyk kosmosa çykmazdan ozal kapsula germetikligini ýitirdi, tutuş ekipaž bolsa SpaceX tarapyndan işlenip taýýarlanan ýuka skafandr bilen goraldy. Kislorod Crew Dragon bilen şlang birikmesi arkaly berildi.


Açyk kosmosa çykyş, beýlekiler bilen bir hatarda, täze skafandr gurluşyny we amallary barlamalydy. Bu täjirçilik kosmos uçuşlarynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Belläp geçsek, Aýzekman Polaris Dawn missiýasyny SpaceX bilen bilelikde maliýeleşdirdi. Uçuş bäş gün dowam eder. Ekipažyň düzümine ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň öňki podpolkownigi Skott Potit we SpaceX-iň kosmos amallary boýunça baş inženeri Anna Menon hem girdi.


01.06.2025 19:29
2.9k+

Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi

31-nji maýda alty sany raýat astronawty Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard gämisinde suborbital uçuşy amala aşyrdy. NS-32 missiýasy ýerli wagt bilen 8:39-da Tehasdaky Launch Site One kosmodromyndan uçdy. Ekipaž 104 km belentlige ýetip, agramsyzlyk ýagdaýynda 3 minut töweregi boldy – bu Karman çyzygy diýlip atlandyrylýan halkara kosmos serhetidir...

27.05.2025 12:52
5.5k+

“Akmaýanyň ýolunyň suratçysy - 2025” bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda HKS-den alnan surat hem bar

Syýahat we başdangeçirmeler hakyndaky Capture Atlas blogy her ýyl geçirilýän sekizinji Milky Way Photographer of the Year 2025 (“Akmaýanyň ýolunyň suratçysy - 2025”) bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu ýyl bäsleşige 6000-den gowrak ýüz tutma gelip gowuşdy...

05.02.2025 15:55
17k+

Dünýäniň iň beýik binasy kosmosdan surata alyndy

NASA-nyň astronawty Don Pettit kosmosdan hem görünýän «Burj-Halifanyň» – dünýäniň iň beýik binasynyň suratlaryny X sosial torunda paýlaşdy. Pettitiň Halkara kosmos stansiýasyndan gije düşüren täze suratynda Dubaý...

28.10.2024 14:34
3.3k+

Deep Blue Aerospace hytaý kompaniýasy kosmos syýahaty üçin 140 müň dollara petek satdy

Hytaýyň Deep Blue Aerospace kompaniýasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýän kosmos syýahaty üçin ilkinji petekleriň satylandygyny aýtdy diýip, CNN habar berýär. Petegiň bahasy 1 mln ýuan (takmynan, 140 müň dollar) boldy...