Blue Origin kosmosa 6 syýahatçy iberdi. Indi orbita 750 adam çykyp gördi

  • 30.06.2025 19:24
  • 7.1k+

Blue Origin kompaniýasy ýolagçylar bilen 13-nji suborbital uçuşyny üstünlikli geçirdi. Bortunda alty syýahatçy bolan New Shepard raketasy 29-njy iýunda ABŞ-nyň merkezi wagty (CDT) bilen 9:39-da Günbatar Tehasdaky Launch Site One meýdançasyndan uçuşa başlady.

Howa şertleri sebäpli uçuş 21-nji iýundan 29-njy iýuna geçirilipdi.
The Solstice 33 ekipažynyň düzümine är-aýal Elli we Karl Kýuner, Liland Larson, Freddi Reskinýo-kiçi, Owolabi Salis we Jeýms Sitkin girdi. Olar dürli hünärleriň wekilleri bolup, ikisi hukukçy, beýlekiler ekolog, elektrik geçirijisi boýunça distribýutor, gurluşyk kompaniýasynyň başlygy we transport kompaniýasynyň öňki baş direktorydy.
NS-33 missiýasy 10 minut töweregi dowam etdi. Raketa 105,2 km belentlige ýetip, Karman liniýasyndan geçdi. Bu Ýeriň atmosferasy bilen kosmosyň arasyndaky serhetdir. Ýolagçylar birnäçe minut agramsyzlyk ýagdaýynda boldy. Tail 5 hereketlendiriji moduly we RSS Karman Line kapsulasy Ýere üstünlikli gaýdyp geldi.
Kosmos gözlegleri assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, Karl Kýuner Blue Origin-iň 70-nji astronawty we kosmosda bolan 750-nji adam boldy. Astronawtyň belgisi uçuş üçin saýlanan kapsuladaky orny boýunça kesgitlenýär.
Şeýle-de, kapsulanyň bortunda Club For the Future taslamasynyň çäklerinde mekdep okuwçylary tarapyndan döredilen 1000-den gowrak otkrytka bardy. Olary Sietldäki Uçuş muzeýi we Kanadadaky Parkcrest başlangyç mekdebi taýýarlady.
NS-33 üçin petekleriň bahasy aýdylmaýar. Assosiasiýanyň maglumatlaryna görä, häzire çenli Blue Origin-iň suborbital uçuşlaryna 123 adam gatnaşdy.


şu gün 09:50
1.1k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......