Blue Origin alty syýahatçyny suborbital uçuşa iberdi

  • 01.06.2025 19:29
  • 3.4k+

31-nji maýda alty sany raýat astronawty Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard gämisinde suborbital uçuşy amala aşyrdy. NS-32 missiýasy ýerli wagt bilen 8:39-da Tehasdaky Launch Site One kosmodromyndan uçdy.

Ekipaž 104 km belentlige ýetip, agramsyzlyk ýagdaýynda 3 minut töweregi boldy – bu Karman çyzygy diýlip atlandyrylýan halkara kosmos serhetidir.
Köp gezeklik tizleşdirijiden aýrylandan soň, kapsula ýokary galmagyny dowam etdirdi. 104 km belentlikde missiýa gatnaşyjylar Blue Origin-iň tapawutlandyryş nyşanlaryny aldy we Kosmos gözlegleri assosiasiýasynyň sanawyna girizildi.
Uçuşa gatnaşyjylaryň arasynda Kea Aerospace-iň baş direktory we kosmosda ilkinji täze zelandiýaly Mark Roket bardy. Ol ozal Rocket Lab kompaniýasyny ösdürmäge gatnaşdy. Panamadan aklawçy Haýme Aleman BMG-niň 193 ýurdunyň ählisinde, iki polýusda we kosmosda bolup gören ilkinji adam boldy.
Şeýle-de, uçuşa Ewereste we beýleki bäş belentlige çykan kanadaly Jessi Uilýams we 149 ýurda aýlanan amerikaly Pol Jeris gatnaşdy. Mundan başga-da, toparda radiolog Grethen Grin we mugallym Emi Medina Horhe bardy.
Uçuş 10 minut dowam etdi. Kapsula paraşýutlaryň we gysylan howa ulgamynyň kömegi bilen üstünlikli gondy.
Bu New Shepard-yň 2015-nji ýyldan bäri 30-njy we 2021-nji ýyldan bäri 12-nji ekipažly uçuşy boldy. Umuman alanyňda, Blue Origin kosmosa 64 adam iberdi.


şu gün 09:50
2.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.1k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......