“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk mekdebiň gurluşygy başlanýar

  • 12.09.2024 10:20
  • 9.9k+

“Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi gurar diýip, TDH habar berýär.

Aşgabat şäheriniň häkimligine hususy kärhana bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzer hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurar.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


şu gün 23:06
4

Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi

2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meselelerine gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi...

şu gün 16:44
7.3k+

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy belleýär...

şu gün 14:56
622

Geçen hepde Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň bahasy 12 mln dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň...

düýn 21:23
9.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy

28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda ol alnyp barylýan gurluşyklar we hödürlenen taslama çözgütleri bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi...