US Open-iň finaly Italiýanyň TW taryhynda iň köp tomaşa edilen oýun boldy

  • 11.09.2024 16:08
  • 2.5k+

Erkekleriň arasynda geçirilen US Open – 2024 ýaryşynyň finaly Italiýanyň SuperTennis TV teleýaýlymynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen tennis oýny boldy. Bu barada žurnalist Luka Fýorino X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Finalda ýeňiş ugrunda italiýaly Ýannik Sinner bilen amerikaly Teýlor Frits bäsleşdi. Duşuşyk Sinneriň 6:3, 6:4, 7:5 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Bu oýun ýurtda ortaça 1 mln 788 müň tomaşaçyny ekrana çekdi, umuma alanyňda bolsa, finala 3,5 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.
Teletomaşalaryň ortaça paýy 10,12%-e ýetdi. Žurnalist Italiýada oýun wagty işlän telewizorlaryň ondan biriniň SuperTennis tennis kanalyny görkezendigini belledi.
Dürli maglumatlara görä, Italiýanyň ilaty, takmynan, 60 mln ýaşaýjydan ybarat.
23 ýaşly Sinneriň US Open-de gazanan ýeňşi onuň üçin möwsümde “Uly tuwulga” ýaryşynda we karýerasynda ikinji ýeňiş boldy.


26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....