“Forsaž 8” filmindäki wnedorožnik onlaýn auksionda satuwa çykarylar

  • 11.09.2024 11:39
  • 11k+

Local Motors Rally Fighter wnedorožnigi sentýabr aýynyň ortalarynda SBX Cars onlaýn auksionyna çykarylar. Bu seýrek model “Forsaž” franşizasynyň 8-nji bölüminde ulanyldy. Awtoulagy aktrisa Mişel Rodriges dolandyrdy.

Wnedorožnigiň bahasy entek aýan edilmedi.
Local Motors 100 sany Rally Fighter çykardy, ýöne auksiona onuň 55-njisi goýlar.
Baggi wnedorožnigi 556 at güýjüni öndürýän Chevrolet-iň 6,2 litrlik hereketlendirijisi, kuzowyň birleşdirilen panelleri, 37 dýuýmlyk şinalary we köp energiýa sarp edýän podweska bilen üpjün edilendir.


2013-nji ýylda çykarylandan bäri awtoulag 7,5 müň km ýol geçipdir. Wnedorožnik abatlanylyp, zawoddan çykarylan ýagdaýa getirildi, ýöne onda filmiň surata düşürilişinden galan käbir ýüzleý zeperlenmeler ýörite saklanyp galdy.
Wnedorožnigiň gapdaly bilen “Forsaž 8” filminiň posteri we Rally Fighter-iň oýnawaç modeli berler. Olaryň ikisinde-de Mişel Rodrigesiň goly bar.


19.07.2025 07:16
6.8k+

“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy...

15.02.2025 20:10
9.1k+

«Forsažyň» birinji filmindäki ulaglar soňky filmde hem ulanylar. Franşizanyň 11-nji filmi çykýar

«Forsaž» franşizasynda Dominik Torettonyň keşbini ýerine ýetirýän aktýor Win Dizel final bölümiň surata düşürilşine degişli wideorolik paýlaşdy. Wideoda final bölümde ulanylmagy çaklanylýan, «Forsažyň» birinji...

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......