«Forsažyň» birinji filmindäki ulaglar soňky filmde hem ulanylar. Franşizanyň 11-nji filmi çykýar

  • 15.02.2025 20:10
  • 8.9k+

«Forsaž» franşizasynda Dominik Torettonyň keşbini ýerine ýetirýän aktýor Win Dizel final bölümiň surata düşürilşine degişli wideorolik paýlaşdy. Wideoda final bölümde ulanylmagy çaklanylýan, «Forsažyň» birinji bölümindäki birnäçe ulagy görmek bolýar. Franşizanyň on birinji filmi hasaplanýan «Forsaž 10: Ikinji bölüm» (Форсаж 10: Часть 2) atly taslamanyň premýerasy 2026-njy ýylyň mart aýyna meýilleşdirilýär. Bu barada «Auto.ru» portaly ýazýar.

Win Dizel franşizanyň tamamlanandygyny, dogduk mekanyna – Los-Anjeles şäherine gaýdyp gelendigini we surata düşüriş işleriniň şol ýerde dowam edýändigini belläp geçdi. Wideoda gara reňkli «Honda Civic» kupeleriniň hatary görkezilýär. Ýatlatsak, Torettonyň topary bu ulaglar bilen «Forsažyň» birinji bölüminde iri ýük ulaglaryny talapdylar.
Wideoda franşizanyň simwolyna öwrülen masl-kar görnüşli «Chevrolet» awtoulaglary, şeýle hem täze nesil «Toyota Supra», ýaşyl reňkli meşhur «Mitsubishi Eclipse» we Win Dizeliň münýän «Mazda RX-7» kysymly ulagyny görmek bolýar.
«Forsaž 10: Ikinji bölüm» filminiň temasy barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär. Şeýle-de bolsa meşhur gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirýän artistleriň ählisiniň diýen ýaly bu filmdäki keşplerini hem ýerine ýetirjekdigi mälim boldy: Win Dizel we Mişel Rodrigesden başlap, Jeýson Steýtem we Ludakrise çenli. Filmde Jeýson Momoa hem bir keşbi ýerine ýetirer.
Soňky filmiň režissýory hökmünde «Forsaž 10» filmini surata düşüren Lui Leterýe çykyş eder.


düýn 15:52
2.4k+

“60 sekuntda alyp gaçmak” filmindäki nusgawy Mustang Eleanor täzeden janlanýar

2025-nji ýylda meşhur “60 sekuntda alyp gaçmak” («Угнать за 60 секунд») filminiň remeýkiniň çykanyna 25 ýyl dolýar. Film Eleanor Mustang modeline hakyky meşhurlyk getirdi. Cinema Muscle Recreations kompaniýasy Eleanor GT500 atly baýramçylyk neşiriniň diňe 25 sany aýratyn nusgasyny çykaryljakdygyny mälim etdi...

09.10.2025 17:22
2.9k+

Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi...

19.07.2025 07:16
6.5k+

“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy...

20.05.2025 14:51
2.2k+

Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer

Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. “Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer...